Finlýandiýa Bilen Şwesiýa, NATO Agzalyk Üçin Resmi Taýdan Ýüz Tutdu

Ýens Stoltenberg, Finlýandiýanyň we Şwesiýanyň NATO agzalyk üçin ýüz tutýandyklary hakynda hatlaryny kabul edip aldy.

1828573
Finlýandiýa Bilen Şwesiýa, NATO Agzalyk Üçin Resmi Taýdan Ýüz Tutdu

Finlýandiýa bilen Şwesiýa NATO agza bolmak üçin resmi taýdan NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberge ýüz tutdy.

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg, Belgiýanyň paýtagty Brýusselde, Finlýandiýanyň we Şwesiýanyň NATO agzalyk üçin ýüz tutýandyklary hakynda hatlaryny kabul edip aldy.

Stoltenberg, metbugata beren beýannamasynda, iki ýurduň geljegine karar bermek hukugynyň bardygyny nygtap, iki ýurduň talaplaryny hoşallyk bilen kabul edendiklerini belledi.

Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň agzalygynyň NATO-nyň howpsyzlygyny artdyrjakdygyny aýdan Stoltenberg, “Şu gün gurama agza bolmak üçin edilen ýüz tutumalar taryhy başlangyçdyr. Gurama agza ýurtlar bu ýüz tutmalary ara alyp maslahatlaşar. Ähli agzalaryň howpsyzlyk aladasyna üns berilmeli. Degişli meseleler giňişleýin ara alnyp maslahatlaşylmaly we karar kabul edilmeli” diýdi.

 



Degişli Habarlar