Fransiýanyň täze Premýer ministr Elizabet Born boldy

Fransiýada Žan Kasteksiň wezipesinden çekilmeginden soň boşalan Premýer ministrlik wezipesine Zähmet ministri Elizabet Born bellendi

1828055
Fransiýanyň täze Premýer ministr Elizabet Born boldy

Ýeliseý köşgünden berilen beýanatda, 61 ýaşyndaky Bornyň Premýer ministr wezipesine bellenendigi we täze hökümedi gurmak bilen bagly wezipe berilendigi mälim edildi.

Ýurdyň 2-nji zenan Premýer ministri bolan Elizabet Born, Emmanuel Makronyň ilkinji Prezident möhledinde Transport ministri (2017-2019), Ekologiýa ministri (2019-2020) we Zähmet ministri (2020-2022) bolup işläpdi.

Ýeliseý köşgünden ozal berilen beýanatda bolsa, Žan Kasteksiň özüniň we hökümediň Prezident Emmanuel Makrona beren wezipeden çekilmek bardaky arzasynyň kabul edilendigi habar berilipdi.

Žan Kasteks Premýer ministr wezipesine 2020-nji ýylyň 3-nji iýulynda bellenipdi.



Degişli Habarlar