Şwesiýa NATO agza bolmak üçin ýüz tutar

Şwesiýada hökümediň başyndaky Sosial Demokrat partiýasy NATO agza bolmak üçin ýüz tutmak barada karar kabul etdi

1827274
Şwesiýa NATO agza bolmak üçin ýüz tutar

Sosial Demokrat partiýasy tarapyndan geçirilen maslahatda, NATO ýüz tutmak barada karar kabul edildi. 

Partiýa tarapyndan berilen beýanatda: "15-nji maýda partiýa tarapyndan geçirilen maslahatda kabul edilen karara görä, ýurdyň NATO agza bolmak barada ýüz tutulmagyny goldaýarys" diýip habar berildi. 

Şwesiýanyň Premýer ministri Magdalena Andersson, onuň ýurdyň howpsuzlygy üçin iň gowy karardygy beýan edildi. 

Şwesiýanyň Daşary işler ministri Ann Linde hem Twitter hasabyndan beren beýannamasynda, partiýasynyň kabul eden kararyny taryhy hökmünde häsýetlendirdi. 

Linde: "Şu gün Şwesiýanyň Sosial Demokrat partiýasy NATO agza bolmak baradaky ýüz tutmany goldap, taryhy bir karar kabul etdi. Russiýanyň 24-nji fewralda Ukrainada hüjüm başlatmagy Şwesiýanyň we Ýewropanyň howpsuzlyk ýagdaýyny erbetleşdirdi" diýip habar berdi. 

Kararyň Şwesiýanyň parlamentinde geçen jedelleşiklerden soň, Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň bilelikde iň giýç çarşenbe gününe çenli NATO agza bolmak üçin ýüz tutjakdygy aýan edildi. 



Degişli Habarlar