“Şwesiýa Bilen Finlýandiýanyň NATO Agzalygynyň Jerimesi Agyr Bolar”

Sergeý Rýabkow, Finlýandiýa bilen Şwesiýanyň NATO agzalygynyň, şol ýurtlaryň howpsyzlygyny güýçlendirip bilmejekdigini aýtdy.

1827688
“Şwesiýa Bilen Finlýandiýanyň NATO Agzalygynyň Jerimesi Agyr Bolar”

Russiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow, Finlýandiýa bilen Şwesiýanyň NATO agzalygynyň, şol ýurtlaryň howpsyzlygyny güýçlendirip bilmejekdigini aýtdy.

Rýabkow, paýtagt Moskwada beren beýannamasynda, Finlýandiýa bilen Şwesiýanyň NATO agza bolmak baradaky kararlary hakynda durup geçdi.

Sergeý Rýabkow, “Şwesiýa bilen Finlýandiýanyň NATO agzalygynyň jerimesi agyr bolar. Bu karar iki ýurduň howpsyzlygyny güýçlendirip bilmez. Karara biperwaý jogap bermejekdigimizi hemmeler bilmeli. Karar harby dartgynlygyň möwjemegine sebäp bolup biler” diýdi.

Finlýandiýanyň Prezidenti Niinistö bilen Premýer-ministri Marin penşenbe güni beren bilelikdäki beýannamasynda “NATO agza bolmak Finlýandiýanyň howpsyzlygyny güýçlendirer. Finlýandiýa gijä galman NATO agzalyk üçin ýüz tutmaly” diýipdi.

Şwesiýa bilen Finlýandiýanyň çarşenbe gününe çenli NATO agzalyk üçin ýüz tutmagyna garaşylýar.



Degişli Habarlar