Günorta Koreýada dikuçar ýere gaçdy

Günorta Koreýada Sonja dagynyň golaýynda ýere gaçan dikuçaryň içindäki 3 adamyň 1-i ýogaldy, 2 adam agyr ýagdaýda ýaralandy

1827605
Günorta Koreýada dikuçar ýere gaçdy

Günorta Koreýanyň günortasynda ýerleşýän kenarýaka şäheri Geože şäheriniň çäklerindäki Sonja dagynyň golaýynda şu gün irden ýerli wagt bilen sagat 08:40-da dikuçar ýere gaçdy. 

Dagda dowam edýän ýol gurluşyk işlerinde işleýän adamlary daşaýan dikuçaryň içinde uçarman, uçarmanyň kömekçisi we bir inžener bardy. 

Agyr ýagdaýda ýaralanan 3 adam hassahana ýatyryldy, birnäçe wagt soň dikuçaryň uçarmanynyň hassahanada ýogalandygy habar berildi. 



Degişli Habarlar