ÝB Russiýanyň Ukraina garşy guran kiber hüjümlerini ýazgardy

Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylary we agza ýurtlar, Russiýanyň Ukraina garşy guran kiber hüjümini berk ýagdaýda ýazgardylar

1824983
ÝB Russiýanyň Ukraina garşy guran kiber hüjümlerini ýazgardy

ÝB-niň Howpsyzlykdan we daşarky syýasatdan jogapkär ýokary wekili Žozep Borrel, ÝB-niň adyndan beren beýanatynda Russiýanyň erbet niýetli kiber hüjümleriniň amerikan kärhanasy VİASAT tarapyndan işledilýän KA-SAT emeli hemra toruny nyşana alandygyny habar berdi. 

Ýewropa we Ortaýer deňizi sebitine emeli hemra hyzmatyny berýän tora garşy kiber hüjümiň, Russiýanyň Ukraina garşy 24-nji fewralda başladan hüjümlerinden 1 sagat ozal başlandygyny aýdan Borrel, şeýlelik bilen Russiýanyň harby hüjüminiň ýeňilleşendigini mälim etdi. 

Borrel hüjümiň Ukrainadaky döwlet edaralaryna, kärhanalara we ulanyjylara täsir ýetirendigini, ÝB-ne agza käbir ýurtlaryň hem hüjümde zyýan görendigini aýan etdi. Russiýanyň kiber hüjümleriniň beýleki ýurtlara garşy hem bolup biljekdigini aýdan Borrel, onuň Ýewropanyň howpsuzlygyna wehim saljak ulgamlaýyn howp emele getirip biljekdigini beýan etdi. 

Borrel: "ÝB hyzmatdaşlary bilen ýakyn hyzmatdaşlyk içinde kiber ugry boýunça bular ýaly görnüşli hüjümleriň öňüni almak, eýmendirmek we olara garşylyk görkezmek üçin täze ädimleriň üstünde işleýär" diýip habar berildi. 

Ukrainanyň goşuny tarapyndan ulanylandygy beýan edilen KA-SAT emeli hemra tory, Gündogar we Orta Ýewropa sebitlerini internet bilen üpjün edýärdi. 



Degişli Habarlar