Konaşenkow Russiýanyň goşunynyň Ukrainadaky hereketleri barada maglumat berdi

Konaşenkow, Isgender raketa ulgamlary bilen Harkowdaky Krasnograd we Karlowka otly beketleriniň golaýynda ABŞ-dan we Günbatar ýurtlaryndan berilen ýaraglaryň we tehniki ulaglaryň ýok edilendigini habar berdi

1823546
Konaşenkow Russiýanyň goşunynyň Ukrainadaky hereketleri barada maglumat berdi

Russiýanyň Goranmak ministrliginiň Metbugat sekretary Igor Konaşenkow, Isgender raketa ulgamlary bilen Harkowdaky Krasnograd we Karlowka otly beketleriniň golaýynda ABŞ-dan we Günbatar ýurtlaryndan ugradylan ýaraglaryň we tehniki ulaglaryň ýok edilendigini habar berdi. 

Russiýanyň Goranmak ministrliginiň Metbugat sekretary Igor Konaşenkow, Ukrainadaky söweşde rus goşunynyň hereketleri barada beýannama berdi. 

Deňizden we howadan atylan ýokary takyk raketalar bilen Arsiz, Odessa we Woznesensk sebitlerindäki howa menzillerinde ýerleşdirilen Ukrainanyň Harby-howa güýçlerine degişli uçarmansyz howa ulaglary bilen birlikde awiasiýa enjamlarynyň we ýaraglarynyň ýok edilendigini aýdan Konaşenkow: "Isgender taktiki raketa ulgamlary bilen Harkow sebitindäki Krasnograd we Karlowka otly beketleriniň golaýynda ABŞ-dan we Günbatar ýurtlaryndan ugradylan köp mukdardaky ýaraglar we harby tehniki ulaglar bilen Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň Moto atyjy brigadanyň şahsy düzümi nyşana alynyp ýok edildi" diýip habar berdi. 

Russiýanyň Ýylan adasynyň golaýynda Ukrainanyň Harby-howa güýçlerine degişli Su-24 harby uçaryny, Su-27 harby uçaryny, içinde esgerler bolan Mi-8 kysymly dikuçary we 3 sany uçarmansyz howa ulagyny ýok edendiklerini aýdan Konaşenkow, "Stanislaw" atly kanonerka harby gaýygynyň hem ýok edilendigini mälim etdi. 

Konaşenkow Ukraina degişli şu günki güne çenli 154 uçaryň, 115 dikuçaryň, 764 uçarmansyz howa ulagynyň, 296 howa goranyş raketa ulgamynyň, 2 müň 902 taňkyň we sowutly ulagyň, 333 köp nilli raketa ulgamynyň, 1378 gaubisanyň we minomýodyň, 2 müň 728 ýörite harby ulagyň hatardan çykarylandygyny beýan etdi. 



Degişli Habarlar