Papa, Putin Bilen Duşuşmak Isleýär

“Men ilkinji nobatda Kiýewe däl eýsem Moskwa gitmeli we ilki Putin bilen duşuşmaly"

1821756
Papa, Putin Bilen Duşuşmak Isleýär

Katolikleriň ruhany lideri Papa Fransisk, Ukraina-Russiýa söweşiniň bes edilmegi üçin paýtagt Moskwada Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen duşuşmak isleýändigini nygtady.

Papa, Italiýanyň “Korriere Della Sera” gazetine beren beýannamasynda, Russiýa-Ukraina söweşi hakynda durup geçdi.

Katolikleriň ruhany lideri “Men ilkinji nobatda Kiýewe däl eýsem Moskwa gitmeli we ilki Putin bilen duşuşmaly. Men bir ruhany, eýsem başga näme edip bilerin? Elimden geleni ederin, eger Putin gapylaryny açsa” diýip belledi.



Degişli Habarlar