Microsoft Russiýanyň kiber hüjümlerini ýüze çykardy

ABŞ-nyň tehnologiýa kärhanasy Microsoft, rus kiber aktýorlaryň harby hüjüm bilen bir wagtda Ukraina garşy kiber hüjümler gurandygyny mälim etdi

1820039
Microsoft Russiýanyň kiber hüjümlerini ýüze çykardy

Microsoft kärhanasy Russiýanyň Ukrainadaky kiber hüjümleri bilen bagly habarnama çap etdi. 

Habarnamada, rus döwletiniň kiber aktýorlarynyň harby hüjüm bilen bir wagtda Ukraina garşy kiber hüjümler gurandygy aýan edildi. 

Russiýa tarapyndan goldanýan azyndan 6 aýry haker toparynyň Russiýanyň harby güýçleriniň Ukraina garşy hüjüm başladan mahaly bilen birlikde kiber hüjümler gurandyklaryna ünsleri çekilen habarnamada, haker toparlaryň biri-birinden tapawutly içalylyk we razwedka işlerini amala aşyrandyklary beýan edildi. 

Habranamada 23-nji fewraldan 8-nji aprele çenli bolan aralykda Ukrainadaky ençeme guramadyr-kärhanalaryň ýüzlerçe sistemasyndaky delolary hemişelik ýagdýada ýok eden takmynan 40 ýumuryjy kiber hüjümiň ýüze çykarylandygy mälim edildi. 

Ýumuryjy kiber hüjümleriň 40 göterimden gowragynyň tankydy infrastruktura pudaklaryndaky edaralara garşy guralandygy bellenen beýanatda, 32 göteriminiň bolsa Ukrainanyň döwlet edaralaryna garşy guralandygy aýan edildi. 

Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy hüjüm başladypdy. 



Degişli Habarlar