Ukrainadan Goňşy Ýurtlara Gidenleriň Sany 5 Milliondan Adamdan Geçdi

BMG, Russiýanyň çozuşlary sebäpli Ukrainadan goňşy ýurtlara gidenleriň sanynyň 5,264,767 adamdan geçendigini, söweşde jemi bosgun sanynyň 8,3 milliona ýetmegine garaşylýandygyny beýan etdi.

1818581
Ukrainadan Goňşy Ýurtlara Gidenleriň Sany 5 Milliondan Adamdan Geçdi

BMG-niň Bosgunlar Boýunça Ýokary Komissarlygyndan berilen beýannamada Ukrainadaky bosgun meselesi bilen bagly görkezijiler mälim edildi.

Şuňa laýyklykda 24-nji fewral-25-nji aprel aralygynda ýarysyndan gowragy Polşa, Ukrainadan 5,264,767 adam goňşy ýurtlara gitdi.

Goňşy ýurtlardan Polşa 2,922,978, Rumyniýa 782,598, Russiýa 614,318, Wengeriýa 496,914, Moldowa 435,275, Slowakiýa 357,560  we Belarusa 24,578 adam bardy. Doneskden we Luganskdan 105,000 adam Russiýa bardy.

Bosgunlar Komissarlygy BMG-niň Şweýsariýadaky ofisinde geçiren metbugat ýygnagynda söweşde jemi bosgun sanynyň 8,3 milliona ýetmegine garaşylýandygyny, Komissarlygyň we ýaranlaryn ukrainaly bosgunlary goldamak üçin 1,85 milliard dollar serişde gözleýändigini beýan etdi.

 

 



Degişli Habarlar