Russiýa Ukraina tarapyndan atylan Toçka-U raketasyny howada täsirsiz ýagdaýa getirendiklerini aýtdy

Russiýanyň Goranmak ministrliginiň Metbugat sekretary Igor Konaşenkow Donetsk sebitinde Ukrainanyň goşuny tarapyndan atylan Toçka-U raketasyny howada täsirsiz ýagdaýa getirendiklerini aýtdy

1815904
Russiýa Ukraina tarapyndan atylan Toçka-U raketasyny howada täsirsiz ýagdaýa getirendiklerini aýtdy

Russiýanyň Goranmak ministrliginiň Metbugat sekretary Igor Konaşenkow, Ukrainadaky söweşde Russiýanyň goşunynyň hereketleri barada maglumat berdi. 

Russiýanyň goşunynyň we separatist toparlaryň Kremennaýa ýaşaýyş ýerini dolulygyna gözegçilik astyna alandygyny aýdan Igor Konaşenkow, Russiýanyň howa operasiýa taktiki güýçleriniň düýn gije Şnurki, Nowonikolaýewka we Aleksadrowka ýaşaýyş zolaklarynda Ukrainanyň harby birikmeleriniň we tehniki ulaglarynyň üýşen 20 aýry ýeri nyşana alyp hüjüm gurandygyny mälim etdi. 

Russiýa degişli raketa ulgamlarynyň we artilleriýa bölümleriniň ýurdyň tapawutly ýerlerinde Ukrainanyň goşunyna degişli jemi 1001 nyşanany ýok edendigini aýdan Konaşenkow, Russiýanyň howa goranyş ulgamlarynyň Ukraina degişli 13 uçarmansyz howa ulagyny we Donetsk sebitinde howada Toçka-U taktiki raketany täsirsiz ýagdaýa getirendigini habar berdi. 

Igor Konaşenkow; “Ukraina degişli 12 harby pozisiýa ýokary ukyply raketalar bilen hüjüm guraldy. Şu günki güne çenli 140 uçar, 106 dik uçar, 511 uçarmansyz howa ulagy, 254 howa goranyş raketa ulgamy, 2 müň 410 tank we sowutly ulag, 262 köp nilli raketa ulgamy, 1046 gaubisa we minomýod bilen 2 müň 259 ýörite harby ulag ýok edildi” diýdi.



Degişli Habarlar