Baýden Prezidentlige Gaýtadan Dalaşgär Bolarmy?
ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň ozalky prezidentlerden Barak Obama wezipesine gaýtadan dalaşgär boljakdygyny aýdandygy öňe sürüldi.
“The Hill” gazetiniň mesele boýunça ýakyn çeşmelere esaslandyran habaryna görä Baýden, Obama 2024-nji ýyldaky prezident saýlawlary boýunça meýilnamasy hakynda gürrüň berdi.
Baýdeniň 2024-nji ýylda prezidentlik üçin ikinji gezek bäsleşige goşuljakdygyny aýdandygyny beýan eden çeşmeler; “Jo Baýden gaýtadan dalaşgär bolmak we onuň hemmeler tarapyndan bilinmegini isleýär” diýdi.
ABŞ-nyň ozalky Prezidenti Donald Trampyň hem 2024-nji ýyl üçin dalaşgär bolmaga taýýarlanýandygyna ünsi çeken çeşmeler, halkdan alýan goldawynyň pesdigine garamazdan Baýdeniň henizem Trampy ýeňjek iň güýçli demokratdygyna ünsi çekdi.
Obama 5-nji aprelde Ak Tamda geçirilen çärelerden birine gatnaşyp, Baýden bilen günorta naharyny iýipdi.
Degişli Habarlar
Russiýa Donetsk sebitindäki Nowokalinowo basyp aldy
Russiýa Donetsk sebitindäki Nowokalinowo ýaşaýyş zolagyny ele geçirendiklerini habar berdi
Ispaniýa, Malta, Irlandiýa we Sloweniýa Palestinany Ykrar Eder
Borrel,Palestinany ykrar etjek Ýewropa ýurtlary hakynda durup geçdi.