Ukrainada 12 milliondan gowrak adam ýerlerini terk etmeli boldy

Russiýanyň 24-nji fewralda Ukraina garşy başladan söweşi sebäpli 12 milliondan gowrak adam ýerlerini terk etmeli boldy.

1814978
Ukrainada 12 milliondan gowrak adam ýerlerini terk etmeli boldy

Halkara Migrasiýa guramasynyň Baş sekretary Antoniu Witorino, BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşine beren maglumatynda Ukrainada, Russiýanyň hüjümleri güýçlendigi saýyn çagalar bilen birlikde ulularyň hem psihikasyna uly zeper ýetirjekdigine ünsi çekdi.

Witorino, çagalaryň we zenanlaryň ynsan tajirlerinden we jynsy zorlamadan goralmalydygyny aýtdy.

Ukrainadaky çagalaryň ýarysyndan gowragynyň öýlerini terk edendigini nygtan Witorino, şol çagalara ýer eýeçiligini edýän ýurtlara, çagalaryň hossarlary bilen duşuşmaklary üçin kömek berilmegi boýunça çagyryş etdi.

BMG-nyň Bosgunlar boýunça ýokary Komissarlygy bolsa, ukrainaly bosgunlaryň sanynyň 5 milliona ýetendigini mälim etdi.

Degişli Habarlar