Russiýa bolgar diplomatlary islenmeýän adam yglan etdi

Russiýanyň Daşary işler ministrligi Bolgariýanyň Moskwa şäherindäki ilçihanasynda işleýän diplomatlaryň islenmeýän adam yglan edilendigini mälim etdi

1814052
Russiýa bolgar diplomatlary islenmeýän adam yglan etdi

Russiýanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan berilen beýanatda Bolgariýanyň Moskwa şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Atanas Krystiniň ministrlige çagyryp, Bolgariýanyň ilçihanasynda işleýän diplomatlaryň islenmeýän adam yglan edilendigi barada nota berilendigi mälim edildi. 

Beýanatda: "Ady agzalan çäre şu ýylyň mart aýynda Bolgar tarapynyň hiç hili motiwasiýa bolmaýan karar bilen Russiýanyň Bolgariýanyň paýtagty Sofiýa şäherindäki ilçihanasynda işleýän 10 diplomadyň islenmeýän adam yglan edilmegine jogap hökmünde kabul edildi" diýip habar berildi. 



Degişli Habarlar