Rus Ykdysadyýeti Agyr Tapgyra Girýär

Russiýanyň Merkezi bankynyň müdiriýetiniň Başlygy Elwira Nabiullina sanksiýalaryň esasan maliýe pudagyna ýaramaz täsir ýetirendigini beýan etdi.

1813854
Rus Ykdysadyýeti Agyr Tapgyra Girýär

Nabiullina Döwlet Dumasynda çykyş edip, Russiýanyň ykdysadyýeti hakynda maglumat berdi.

Elwira Nabiullina “Ykdysadyýetimizi sanksiýalar sebäpli agyr konstruktiw tapgyra girýär. Sanksiýalar ykdysadyýetdäki real pudaklara has ýaramaz täsir ýetirmäge başlar” diýdi.

Nabiullina Russiýanyň halkara ätiýaçlarynyň ýarysynyň elýeterlidigini beýan etdi.

Şol ätiýaçlaryň altyn, ýuan we sanksiýa howpy bolmadyk başga emläklerden ybaratdygyna ünsi çeken Nabiullina; “Emma şol ätiýaçlar içerdäki walýuta bazaryny gönükdirmäge mümkinçilik bermeýär” diýdi.

Sanksiýalardan soň bazar boýunça berk çäreleri görendiklerini ýatladan Elwira Nabiullina; “İndi şol çäreleriň kabirlerini bes edýäris. eksportçularyň walýuta satuwy boýunça şertleri ýeňilleşdirmegi meýilleşdirýäris” diýdi.

Nabiullina sanksiýalaryň rus ykdysadyýetinde täze bir tapgyry başladandygyny nygtap; “Ykdysadyýetimiz sanksiýlar sebäpli agyr konstruktiw tapgyra başlaýar. İlki bilen maliýe pudagymyza täsir ýetiren sanksiýalar, indi ykdysadyýetdäki real pudaklara has ýaramaz täsir ýetirmäge başlady” diýdi.

 



Degişli Habarlar