Demirgazyk Makedoniýa, 6 Rus Diplomadyny Islenmeýän Adam Hökmünde Yglan Etdi

Rus diplomatlaryna ýurdy terk etmekleri üçin 5 gün möhlet berildi

1813058
Demirgazyk Makedoniýa, 6 Rus Diplomadyny Islenmeýän Adam Hökmünde Yglan Etdi

Demirgazyk Makedoniýanyň Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada, Russiýa Federassiýasynyň Skopýadaky ilçisiniň ministrligine çagyrlandygy we 6 diplomadyň islenmeýän adam hökmünde yglan edilýändigi barada diplomatik notanyň berlendigi ýatladyldy.

Beýannamada, rus diplomatlaryna ýurdy terk etmekleri üçin 5 gün möhlet berlendigi nygtaldy.

Demirgazyk Makedoniýa geçen aý hem diplomatik gatnaşyklar hakyndaky Wena şertnamasyny basgylandyklary sebäpli 5 rus diplomadyny islenmeýän adam hökmünde yglan edipdi.



Degişli Habarlar