Ukrainanyň Prezidenti Polşanyň, Latwiýanyň, Litwanyň we Estoniýanyň liderleri bilen duşuşdy

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, Polşanyň, Latwiýanyň, Litwanyň we Estoniýanyň hemişe ilkinji bolup Ukrainany goran ýurtlar bolandygyny mälim etdi

1812202
Ukrainanyň Prezidenti Polşanyň, Latwiýanyň, Litwanyň we Estoniýanyň liderleri bilen duşuşdy

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, düýn otly bilen Ukrainanyň paýtagty Kiýew şäherine baran Polşanyň Prezidenti Andžeý Duda, Litwanyň Prezidenti Gitanas Nauseda, Latwiýanyň Prezidenti Egils Lewits we Estoniýanyň Prezidenti Alar Karis bilen duşuşyk geçirdi. 

Duşuşykdan soň Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, Duda, Nauseda, Lewits we Karis bilen bilelikde umumy metbugat ýygnagyny geçirdi. 

Metbugat ýygnagynda çykyş eden Zelenskiý, Polşanyň, Latwiýanyň, Litwanyň we Estoniýanyň hemişe bolşy ýaly 24-nji fewralda hem Russiýa-Ukraina söweşiniň başlamagy bilen Ukrainany ilkinji bolup goran ýurtlar bolandygyny habar berdi. 

Ýarag goldawy taýdan hem bu ýurtlaryň we liderleriniň Ukrainany ilkinji bolup goldan ýurtlar bolandygyny aýdan Zelenskiý: "Polşa, Latwiýa, Litwa we Estoniýa hemişe döwletimiziň ýanynda" diýip belledi. 

Zelenskiý mundan başgada ähli goňşy ýurtlar bilen bu ýurtlar ýaly dostlukly, dogruçyl we strategik gatnaşyklar ýola goýmak isleýändiklerini belläp: "Bu dört döwletiň Ukrainanyň gelejegindäki ähli tapgyrynda ilkinji boljakdygyna ynanýaryn we biziň beýik gelejegimiz bar, sebäbi bular ýaly hyzmatdaşlar we dostlar bilen çürt-kesik ýeňiş gazanarys. Ukraina üçin kyn bir zamanada amala aşyrylan bu möhüm sapar üçin her biriňize minnetdarlyk bildirýärin" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar