Wladimir Zelenskiý Ýesir Çalşygyny Teklip Etdi

Zelenskiý, Wiktor Medweçugy, ruslar tarapyndan ýesir alynan ukrainler bilen çalyşmagy teklip etdi.

1811524
Wladimir Zelenskiý Ýesir Çalşygyny Teklip Etdi
Gostomel Ukrayna Rusya Savaşı2.jpg
Gostomel Ukrayna Rusya Savaşı1.jpg
Gostomel Ukrayna Rusya Savaşı.jpg
Ukrayna2.jpg
Ukrayna4.jpg

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putine ýakynlygy bilen tanalýan we şu gün saklanan ukraina oppozisiasynyň lideri Wiktor Medweçugy, ruslar tarapyndan ýesir alynan ukrainler bilen çalyşmagy teklip etdi.

Zelenskiý, söweşiň 48-nji gününde beren wideo ýüzlenmesinde, ýurduna hüjüm eden Russiýanyň uly ýitgi çekýändigini nygtady.

Ruslaryň Ukrainany birnäçe sagadyň dowamynda basyp almagy meýilleşdirendigini emma 48 sagatlyk meýilnamalarynyň 48 güne çenli uzap gidendigini nygtan Zelenskiý, “Rus goşuny 48 günde, Çeçenistandaky 2 söweşde, Sowet Soýuzynyň bolsa Owganystanda 10 ýylda çeken ýitgisinden has köp ýitgi çekdi” diýdi.

Ukrainanyň razwetka gullugy tarapyndan saklanan Wiktor Medweçuk hakynda hem durup geçen Zelenskiý, Medweçugyň 48 gün gizlenmegi başarandygyny emma ahyry saklanandygyny belledi.

Wladimir Zelenskiý “Russiýa Medweçugy, ruslar tarapyndan ýesir alynan ukrainler bilen çalyşmagy teklip edýärin” diýdi.

Ukrainanyň iň uly ikinji partiýasy hökmünde bilinýän Durmuş üçin oppozisia platformasynyň lideri Medweçuga, 2021-nji ýylyň maý aýynda döwlete dönüklik edendigi sebäpli öýünde tussaglykda saklanmagy jezasy berlipdi.

Ýurtda söweşiň başlamagy bilen öýünden gaçandygy öňe sürülýän Medweçugyň şol bir wagtda Putiniň gyzyny çokundyrandygy aýdylýar.

 



Degişli Habarlar