ABŞ, Russiýanyň Ukrainada Himiki Ýarag Ulanandygy Meselesine Ünsli Çemeleşýär

ABŞ, Russiýanyň Mariupolda himiki ýarag ulanandygy hakynda öňe sürülýän garaýyşlara ünsli çemeleşýär

1811354
ABŞ, Russiýanyň Ukrainada Himiki Ýarag Ulanandygy Meselesine Ünsli Çemeleşýär

ABŞ, Russiýanyň Ukrainanyň Mariupol şäherinde himiki ýarag ulanandygy hakynda öňe sürülýän garaýyşlara ünsli çemeleşýär

AK Tamyň metbugat geňeşçisi Psaki, metbugata beren beýannamasynda, Ukrainanyň rus esgerleriň ýurduň gündogaryna tarap gönügendigi tassyklady.

Psaki, “Russiýanyň, Ukrainanyň harby we ykdysady taýdan uly ýitgi çekmegi üçin Ukrainanyň çar tarapynda howa we raketa hüjümlerini guramaga dowam etmegine garaşýarys. Sebäbi Russiýa, Ukrainanyň güýjüni ýitirmegini maksat edinýär. Çaknyşyklaryň bir bölegi birnäçe wagt dowam edip biler”diýdi.

Russiýanyň Ukrainanyň Mariupol şäherinde himiki ýarag ulanandygy meselesi barada hem durup geçen Psaki “Bu meselä ünsli çemeleşýäris. Häzirlikli hiç hili subutnama ýok” diýdi.

 



Degişli Habarlar