Täze Zelandiýa, Ukraina Üçin Ýewropa Ýük Uçary Bilen Harby Hünärmen Ugradar

Ardern, Täze Zelandiýanyň, rus hüjümlerine garşy Ukraina goldaw berjekdigini nygtady.

1810550
Täze Zelandiýa, Ukraina Üçin Ýewropa Ýük Uçary Bilen Harby Hünärmen Ugradar

Täze Zelandiýa, Ukraina üçin awiasiýa taryhynyň iň gowy ýük uçarlaryndan biri hökmünde bilinýän “J-130 Herkules” uçary bilen 50 harby hünärmeni Ýewropa ugradar.

Täze Zelandiýanyň Premýer-ministri Ardern, Ýewropa sebitinde parahatçylygyň üpjün edilmegi maksady bilen ýurdunyň Ukrainanyň rus hüjümlerini yza serpikdirmegine goldaw bermäge dowam etjekdiklerini belledi.

Ardern, Ukraina goldaw bermek maskady bilen 50 harby hünärmen bilen “J-130 Herkules” uçaryny Ýewropa ugratjakdyklaryny belledi.

Ukraina guralýan bu hüjümiň hemmeler üçin howply bolandygyny nygtan Ardern, Täze Zelandiýanyň, rus hüjümlerine garşy Ukraina goldaw berjekdigini nygtady.

 



Degişli Habarlar