Horwatiýa,  18 Rus Diplomadyny Islenmeýän Adam Hökmünde Yglan Etdi

Russiýanyň Zagrepdäki ilçihanasynda işleýän 18 diplomat bilen 6 işgär islenmeýän adam hökmünde yglan edildi

1810637
Horwatiýa,  18 Rus Diplomadyny Islenmeýän Adam Hökmünde Yglan Etdi

Horwatiýa, Russiýanyň Zagrepdäki ilçihanasynda işleýän 18 diplomat bilen 6 işgäri islenmeýän adam hökmünde yglan etdi.

Horwatiýanyň Daşary işler ministrliginden berlen beýannama görä, Russiýanyň Zagrepdaki ilçisi, ýurdunyň Ukraina guraýan hüjümlerini ýazgarýandyklaryny görkezmek üçin ministrlige çagyryldy.

Duşuşykda rus diplomada, ýurdunyň harby hüjümlerini gyssagly bes etmegi, rus güýçleriniň Ukrainadan çekilmegi, asuda ilat üçin ynsanperwer geçelgeleriň açylmagy we sebite ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegi üçin çagyryş berildi.

Beýannamada, diplomatik gatnaşyklary kesgitleýän Wena şertnamasyna laýyklykda, Russiýanyň Zagrepdäki ilçihanasynda işleýän 18 diplomat bilen 6 işgäriň islenmeýän adam hökmünde yglan ediledigi barada ilçä nota berlendigi nygtaldy.



Degişli Habarlar