Tunisde bosgunlary daşan iki aýry gaýyk batdy

Tunisiň resmileri tarapyndan waka bilen bagly entek hiç hili beýanat berilmedi

1809897
Tunisde bosgunlary daşan iki aýry gaýyk batdy

Tunisiň suw giňişliginde afrikaly bosgunlary daşaýan 2 aýry gaýygyň batmagy netijesinde 13 adam ýogaldy. 

Tunisiň metbugatynda berilen habarlarda, batan gaýyklardan jemi 37 adamyň halas edilip ýetişilendigi, 12 adamyň bolsa dereksiz ýitendigi habar berildi. 

Tunisiň resmileri tarapyndan waka bilen bagly entek hiç hili beýanat berilmedi. 

Afrikanyň demirgazygyndaky Tunis we Liwiýa ýaly ýurtlar, Ortaýer deňziniň üsti bilen bikanun ýollar bilen Ýewropa geçmek isleýän bosgunlar üçin çykyş nokady hökmünde görülýär. 


Etiketkalar: #gaýyk , #bosgun , #Tunis

Degişli Habarlar