Slowakiýa Ukraina S-300 Gora Goranyş Ulgamlaryny Berdi

“Slowakiýanyň Ukraina S-300 howa goranyş ulgamlaryny berendigini tasyklamak isleýärin”

1809571
Slowakiýa Ukraina S-300 Gora Goranyş Ulgamlaryny Berdi

Slowakiýanyň Premýer-ministri Eduard Heger, Ukraina S-300 howa goranyş ulgamlaryny berendiklerini aýtdy.

Heger, Twitterden beren habarnamasynda “Slowakiýanyň Ukraina S-300 howa goranyş ulgamlaryny berendigini tasyklamak isleýärin” diýdi.

Heger, “Ukrain halky hem ýurdunyň özygtyýarlygyny hem-de bizi gahrymanlarça goraýar. Russiýanyň hüjümlerine garşy Ukraina goldaw bermek biziň wezipämiz” diýip belledi.

Beýleki tarapdan Slowakiýanyň Premýer-ministri Eduard Heger, ÝB Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Laýen bilen birlikde Ukrainanyň paýtagty Kiýewe gitdi.

 



Degişli Habarlar