Kuweýtde Hökümet Iş Başyndan Çekildi

Hökümetiň iş başyndan çekilmeginiň sebäbi hakynda maglumat berilmedi.

1807516
Kuweýtde Hökümet Iş Başyndan Çekildi

Ýurduň resmi habarlar gullugy “KUNA-nyň” mälim etmegine görä Mirasdüşer Şazada Şeýh Maşal al-Ahmed al-Jabir as-Sabah, Premýer-ministr Şeýh Sabah al-Halid al-Hamedi Hawali welaýatynda ýerleşýän Beýan köşkünde kabul etdi.

Premýer-ministr Hamad duşuşykda ministrler kabinetiniň wezipeden çekilmegi hakyndaky arzasyny Mirasdüşer Şazada Sabahyň garamagyna hödürledi.

Habarda hökümetiň iş başyndan çekilmeginiň sebäbi hakynda maglumat berilmedi.

Emma, Premýer-ministr Hamadyň Mejlisde özüne garşy derňew işiniň gozgalmagy hakynda karardan bir hepde soň wezipeden çekilmegi ünsleri çekdi. Kuweýdiň Mejlisinde ertir Hamadyň ýolbaşçylyk eden hökümeti bilen hyzmatdaşlyk etmezlik talaby boýunça sese goýulşygyň geçirilmegine garaşylýar.

Kuweýdiň Premýer-ministri Hamad hakynda; “Konstitutsiýa garşy iş alyp barmak we kanun çykaryjy organlary bilen hyzmatdaşlyk etmezlik” boýunça günäkärlemelerden soň Mejlisde derňew işi gozgalmagy hakynda karar kabul edilipdi.

Kuweýtde 2020-nji ýylyň noýabrynda geçirilen parlament saýlawlaryndan soň 2020-nji ýylyň 14-nji dekbrynda Sabah al-Halid Hamadyň liderlik etmeginde gurlan hökümet bir aý geçmänkä 2021-nji ýylyň 12-nji ýanwarynda wezipeden çekilipdi.

“KUNA” hökümetiň agzalarynyň “parlament bilen hökümetiň arasyndaky gatnaşyklar we milli bähbitler sebäpli wezipeden çekilendiklerini” habar beripdi.

 



Degişli Habarlar