Ukraina Russiýanyň goşunynyň ýitgileri barada maglumat berdi

Ukraina garşy 24-nji fewralda hüjüm başladan Russiýanyň goşuny 17 müň 300 esgerini, 131 uçaryny, 131 dikuçaryny we 605 taňkyny ýitirdi

1804227
Ukraina Russiýanyň goşunynyň ýitgileri barada maglumat berdi

Ukrainanyň Baş ştaby, Russiýanyň goşunynyň 24-nji fewral-30-njy mart aralygynda çeken zyýany barada beýannama berdi. 

Berilen maglumata görä Ukraina garşy hüjüm başladan Russiýanyň goşunyndan 17 müň 300 esger öldürildi, ruslara degişli 131 uçar, 131 dikuçar, 605 taňk, 1723 sowutly ulag, 305 top, 96 raketa ulgamy we 54 howa goranyş ulgamy ýok edildi. 

Russiýanyň harby güýçleri şeýle hem 1184 ulagyny, 7 gämisini we ýokary tizlikli katerini, 75 ýangyç ulagyny we 81 uçarmansyz howa ulagyny ýitirdi. 



Degişli Habarlar