Russiýa Belgiýanyň diplomatlar bilen baglanşykly kararyna garşylyk görkezer

Russiýa Belgiýanyň 21 rus diplomady ýurtdan çykarmak baradaky kararyna garşylyk görkezjekdigini mälim etdi

1804379
Russiýa Belgiýanyň diplomatlar bilen baglanşykly kararyna garşylyk görkezer

Belgiýanyň hökümediniň düýn Russiýanyň Brýussel şäherindäki ilçihanasy bilen Antwerpen şäherindäki baş konsullygyndan 21 rus diplomady içalylyk etmek bilen aýyplap, islenmeýän adam yglan etmegine Russiýanyň ilçihanasy nägilelik bildirdi. 

Russiýanyň Brýussel şäherindäki ilçihanasy tarapyndan berilen beýanata görä Russiýanyň Brýussel şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Tokowinin, içalylyk gönükärlemesiniň dolulygyna esassyzdygyny beýan edip, ret etdi. 

Tokowinin kararyň Russiýa-Belgiýa gatnaşyklaryna uly zyýan ýetirjekdigini we kararyň iki ýurdyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna tersidigni beýan etdi. 

Ilçihana beren beýanatynda: "Bu duşmançylykly çäreler jogapsyz galmaz" diýip nygtady. 

Belgiýanyň Daşary işler ministri Sofi Uilms, ýurtdaky 21 rus diplomadyň Belgiýanyň milli howpsuzlygyna wehim salýan içalylyk we täsir ediş amallaryny ýerine ýetirendikleri üçin islenmeýän adam yglan edendiklerini habar beripdi.

Belgiýadan daşary Gollandiýa hem 17 rus diplomadyň, Irlandiýa hem 4 rus diplomadyň ýurdy terk etmeklerini isläpdi. 



Degişli Habarlar