Belgiýa, 21 Rus Diplomadyny Ýurtdan Çykarar

Rus diplomatlaryna ýurdy terk etmekleri üçin 15 gün möhlet berildi

1804032
Belgiýa, 21 Rus Diplomadyny Ýurtdan Çykarar

Belgiýa, ýurtda iş alyp barýan rus diplomatlaryndan 21-niň içalylyk edendikleri sebäpli ýurtdan çykarylmagy barada karar kabul etdi.

Belgiýanyň Daşary işler ministri Wilmes, ýurtdan çykaryljak rus diplomatlarynyň Russiýanyň Brýusseldäki ilçihanasynda we Anwers şäherindäki konsullygynda işleýändiklerini aýtdy.

Belgiýanyň mejlisinde çykyş eden Wilmes, şol diplomatlaryň ýurduň milli howpsyzlygyna howp salýandyklary we içalylyk edendikleri sebäpli ýurtdan çykaryljakdygyny belledi.

Daşary işler ministri, rus diplomatlaryna ýurdy terk etmekleri üçin 15 gün möhlet berlendigini ýatlatdy.

Wilmes, “Bu bir sanksiýa däl. Bu karar biziň milli howpsyzlygymyz bilen arabaglanşykly. Russiýa bilen diplomatik kanallarymyz açyk. Russiýanyň ilçihanasy Belgiýada öz işini dowam etdirer” diýdi.

Gollandiýa hem 17 rus diplomadynyň içalylyk edendigi sebäpli ýurtdan çykarylmagy barada karar kabul edipdi.

 

 



Degişli Habarlar