Tunisde iki otly biri-biri bilen çakyşdy

Tunisde şäherara gatnawlaryny amala aşyrýan iki otlynyň biri-biri bilen çakyşmagy netijesinde 95 adam ýaralandy

1799424
Tunisde iki otly biri-biri bilen çakyşdy

Tunisiň Raýat goranyş edarasynyň metbugat geňeşçisi Muaz Teria, ýurdyň paýtagty Tunis şäheriniň günortasynda şu gün irden iki ýolagçy otlusynyň biri-biri bilen çakyşmagy netijesinde 95 adamyň ýaralanandygyny habar berdi. 

Teria: "Ýaralanan adamlaryň ählisi ýurdyň paýtagty Tunis şäherindäki hassahanalara gönükdirildi. Tunisiň Demir ýollar kärhanasy, wakanyň näme sebäpli bolandygyny anyklamak üçin derňew işini başlatdy" diýip mälim etdi. 

Tunisiň Raýat goranyş edarasy tarapyndan berilen beýanatda, Susa welaýatyndan ýola çykan Susa otlusy bilen Günorta Ekspres otlusynyň ýurdyň paýtagty Tunis şäheriniň merkezi bekediniň golaýynda çakyşandyklary habar berildi. 

Beýanatda çakyşan iki otlunyň biriniň boşdugy aýan edildi. 


Etiketkalar: #ýolagçy , #çakyşmak , #otly , #Tunis

Degişli Habarlar