Söweş Sebäpli Ukrainadan Polşa Geçenleriň Sany 2 Million Adamdan Geçdi

24-nji fewralda başlan söweş sebäpli 2 milliondan gowrak ukrainalynyň Polşa geçendigi nygtaldy.

1799103
Söweş Sebäpli Ukrainadan Polşa Geçenleriň Sany 2 Million Adamdan Geçdi

Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda 24-nji fewralda başlan söweş sebäpli 2 milliondan gowrak ukrainalynyň Polşa geçendigi nygtaldy.

Polşa tarapyndan berlen beýannamada, ýurda giren Ukrainalylar hakynda maglumat berildi.

Beýannamada söweşiň başlan gününden bäri 2 million 114 müň ukrainalynyň Polşa girendigi bellenildi.

Rus hüjümlerinden gaçyp Polşa giren ukrainalylaryň bir böleginiň bolsa başga ýurtlara geçendigi nygtaldy.

Warşawa uniwersitetiniň Immigrantlar merkezine görä, Polşada 1,2 milliona golaý ukrainaly bar.

Söweşiň başlan gününden bäri 250 müňden gowrak ukinaly bolsa Polşanyň üsti bilen ýurtlaryna dolandy.

 


Etiketkalar: #söweş , #Ukraina , #Polşa , #immigrant

Degişli Habarlar