Zelenskiý käbir syýasy partiýalaryň işini bes etmek barada karara gelendigini habar berdi

Zelenskiý, Şweýsariýanyň parlamentinde çykyş edip, ýurdundaky söweşiň jogapkärleri bolanlaryň, bu ýurtdaky bank hasaplarynyň doňdurylmagy barada çagyryş berdi

1798526
Zelenskiý käbir syýasy partiýalaryň işini bes etmek barada karara gelendigini habar berdi

Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý, Ukrainanyň Milli howpsuzlyk we goranyş geňeşiniň, ýurtdaky giň-gerimli söweşi göz öňünde tutup, harby dolanşyk boýunça käbir syýasy partiýalaryň işini bes etmek barada karar kabul edendigini mälim etdi. 

Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý eden çykyşynda: "Ukraina hemişe parahatçylykly çözgüt gözledi. Mundan başgada esasan hem biz parahatçylygyň tarapdary boldyk. Sebäbi ýogalan adamlaryň ählisine gynanýarys. Sebäbi biz üçin ýumrulan her bir maşgala, ýumrulan her bir öý möhümdir. Sebäbi biz ukrainalydyrys we biz üçin adam jany gymmatlydyr" diýip belledi. 

Ukrainanyň Milli howpsuzlyk we goranyş geňeşiniň, ýurtdaky giň-gerimli söweşi göz öňünde tutup, harby dolanşyk boýunça käbir syýasy partiýalaryň işini bes etmek barada karar kabul edendigini aýdan Zelenskiý, şol çäkde Ýaşaýyş üçin oppozisiýa platformasy, Şaria partiýasy, Biziň, Oppozisiýa blogy, Çep oppozisiýa, Çepçi güýçler bileleşigi, Döwlet, Ukrainanyň progressiw sosialistik partiýasy, Ukrainanyň Sosialist partiýasy, Sosialistler we Wladimir Saldo blogy atly partiýalaryň işleriniň bes edilendigini mälim etdi. 

Beýleki tarapdan Zelenskiý, Şweýsariýanyň parlamentinde çykyş edip, ýurdundaky söweşiň jogapkärleri bolanlaryň, bu ýurtdaky bank hasaplarynyň doňdurylmagy barada çagyryş berdi. 

Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy harby hüjüm başladypdy. 



Degişli Habarlar