Zelenskiý: "Polşa, Çehiýa we Sloweniýa ynanýarys" diýdi

Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý, Polşa, Çehiýa we Sloweniýa ýaly dostlukly ýurtlaryň Ukrainanyň ýanynda bolmaklary sebäpli minnetdarlyk bildirýändigini habar berdi

1796279
Zelenskiý: "Polşa, Çehiýa we Sloweniýa ynanýarys" diýdi

Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý, düýn Çehiýanyň Premýer ministri Petr Fiala, Polşanyň Premýer ministri Mateuş Moraweskiý we Sloweniýanyň Premýer ministri Ýanez Ýanşanyň Ukrainanyň paýtagty Kiýew şäherine guran saparlary barada beýanat berdi. 

Zelenskiý Russiýanyň goşunynyň Kiýewe garşy hüjümleri dowam edýärkä üç lideriň paýtagta sapar guramaklary bilen bagly: "Bu uly, mert, dogry we ýürekden edilen ädimdir" diýip belledi. 

Polşa, Çehiýa we Sloweniýa ýaly dostlukly ýurtlaryň Ukrainanyň ýanynda bolmaklary sebäpli minnetdarlyk bildirýändigini aýdan Zelenskkiý: "Bular ýaly dostlar bilen, bular ýaly ýurtlar bilen, goňşylar bilen we hyzmatdaşlar bilen üstün çykjakdygymyza ynanýaryn, kimdigini aýtmak islemeýärin, ählimiz düşünýäris. Iň esasy zat bu ýurtlaryň liderlerine çürt-kesik ynanýarys" diýip nygtady. 

Wladimir Zelenskiý, hyzmatdaş we dostlukly ýurtlaryň berýän goldawlary bilen Ukrainanyň maksatlaryna çürt-kesik ýetjekdigini mälim etdi. 

Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy harby hüjüm başladypdy. 



Degişli Habarlar