Ukrainadan 2,8 Million Adam Goňşy Ýurtlara Gitdi

Russiýa-Ulraina urşy sebäpli 2,808,792 adam Ukrainadan goňşy ýurtlara geçdi.

1795210
Ukrainadan 2,8 Million Adam Goňşy Ýurtlara Gitdi

BMG-niň Bosgunlar Boýunça Ýokary Komissarlygyndan berilen beýannamada, Ukrainadaky bosgunlar hakynda dürli çeşmelerden alynan maglumatlar çap edildi.

Beýannamada 24-nji fewral bilen 12-nji martyň aralygynda esasy bölegi Polşa jemi 2,808,792 adam Ukrainadan goňşy ýurtlara geçdi.

Polşa 1,720 000, Wengeriýa 255,291, Slowakiýa 204,862, Russsiýa 131,365, Moldowa 106,994, Rumynita 84,671, Belarusa 1226 we beýleki Ýewropa ýurtlaryna 304,156 bosgunyň geçendigine üns çekilýän beýannamada, Doneskden we Luhanskdan 18-23-nji feral aralygynda 96 000 adamyň Russitýa geçendigi habar berilýär.

Bosgunlar Boýunça Ýokary Komissarlyk Ukrainadaky şertler hasam agyrlaşan halatynda 4 milliona barabar ilatyň ýurtdan gaçjakdygyny duýdurypdy.

BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarlygynyň beýan etmegine görä Russiýa-Ukraina söweşinde häzirki wagta çenli azyndan 596 adam ýogaldy, 1067 adam ýaralandy.

Beýannamada asuda ilatdan gurban bolanlaryň we ýaralananlaryň sanynyň anyklanandan has ýokary bolup biljekdigi duýduryldy.

 



Degişli Habarlar