Türk raýatlar Ukrainadan çykarylmaga dowam edilýär

Russiýanyň Ukraina garşy başladan hüjümleriniň 19-njy gününde Ukrainada ýaşan türk raýatlar ewakuasiýa edilmäge dowam edilýär

1795086
Türk raýatlar Ukrainadan çykarylmaga dowam edilýär

Ukrainada esasan hem çaknyşyklaryň başdan geçirilýän sebitlerinden çykyp Lwow şäherine barýan türk raýatlar ol ýerde Daşary işler ministrligi tarapyndan taýarlanyp goýulan awtobuslara mündürilip, gara ýoly bilen Türkiýä getirilýär. 

Russiýanyň hüjümlerinden gaçyp, ewakuasiýa awtobuslaryna baran raýatlar uly şatlygy başlaryndan geçirýärler. 

Çaknyşyklaryň güýçli depginde dowam edýän ýerleriniň biri bolan Donetsk welaýatyndan çykyp, Lwow şäherine baran türk raýaty bir zenan beren beýanatynda: "Bize eýe çykdyňyz, bizi bu ýere getirdiňiz. Ol ýerden çykyp bilmerin diýip pikir edýärdim" diýip habar berdi. 

Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy harby hüjüm başladypdy. 



Degişli Habarlar