ABŞ-nyň Erbildäki Konsullugyna Raketa Hüjümi Guraldy

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygyndan berlen beýannamada, hüjümde konsullyga zeper ýetirilmändigi nygtaldy.

1794502
ABŞ-nyň Erbildäki Konsullugyna Raketa Hüjümi Guraldy

Yragyň Erbil şäherinde ABŞ-nyň Konsullugyna guralan raketa hüjüminde 1 adamyň ýaralanandygy nygtaldy.

Erbiliň häkimi Ümid Hoşnaw metbugata beren beýannamasynda, ABŞ-nyň Konsullygyna terrorçylykly hüjümiň guralandygyny aýtdy.

Hoşnaw, raketa hüjüminden soň şäherdäki howpsyzlyk güýçleriniň degişli çäreleri görendigini belledi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygyndan berlen beýannamada, hüjümde konsullyga zeper ýetirilmändigi nygtaldy.

Beýannamada hüjüm hakynda Yragyň Kürt Awtonomiýasynyň derňew işini gozgandygy we hüjümi berk ýazgarýandyklary nygtaldy.

Yragyň Premýer-ministri Mustafa Al Kazymi hem “Erbil şäherine guralan hüjüm halkymyzyň howpsyzlygyna garşy guralan hüjümdir” diýdi.

Yragyň Kürt Awtonomiýasyndan berlen beýannamada hem hüjüm berk ýazgaryldy we hüjümde 1 adamyň ýeňil ýaralanandygy nygtaldy.

 

 


Etiketkalar: #konsullyk , #ABŞ , #Erbil

Degişli Habarlar