“Ukrainada Her Gün Ýerli wagt boýunça 10.00-dan Başlap Ynsanperwer Kömek Geçelgesi Açylar”

Russiýa bir taraply ýagdýada ýerli wagt bilen 10.00-dan başlap ynsanperwer kömek geçelgesini açjakdyklaryny habar berdi.

1793687
“Ukrainada Her Gün Ýerli wagt boýunça 10.00-dan Başlap Ynsanperwer Kömek Geçelgesi Açylar”

Russiýanyň Goranmak ministrligi, Ukrainadaky asuda ilatyň Russiýa göçürilmegi üçin bir taraply ýagdýada ýerli wagt boýunça 10.00-dan başlap ynsanperwer kömek geçelgesini açjakdyklaryny habar berdi.

Russiýanyň Goranmak ministrliginiň Milli gözegçilik merkeziniň başlygy Mihail Mizinsew, paýtagt Moskwada beren beýannamasynda Ukrainadaky asuda ilatyň göçürilmegi barada maglumat berdi.

Ukrainada halkyň ýagdaýynyň agyrlaşýandygyny nygtan Mizinsew, Ukraina 1400-tonnadan gowrak ynsanperwer kömegini berendiklerini ýatlatdy.

Mizinsew, “Russiýa tarap her gün bir taraply ýagdaýda ýerli wagt boýunça 10.00-dan başlap ynsanperwer kömek geçelgesi açylar. Beýleki geçelgeler meselesinde hem Ukraina bilen ylalaşyk gazanyldy” diýdi.

Russiýa 24-nji fewralda Ukraina garşy hüjüm başladypdy.



Degişli Habarlar