Russiýa Bilen Ukrainanyň Arasyndaky Gepleşikleriň Üçünji Tapgyry Geçirildi

Balarusyň serhet şäheri Brestde geçirilen gepleşiklerde ençeme ugur boýunça pikir alyşyldy.

1791380
Russiýa Bilen Ukrainanyň Arasyndaky Gepleşikleriň Üçünji Tapgyry Geçirildi

Russiýanyň wekiliýetine döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň kömekçisi Wladimir Medinskiý, Ukrainanyň wekiliýetine bolsa Ukrainanyň Prezidentiniň Diwanynyň Başlygynyň orunbasary Mihail Podolýak başlyklyk etdi.

Ukrainanyň wekiliýeti hüjümleriň bes edilmegi bilen birlikde meseläniň çözülmegi boýunça ençeme ugurda pikir alyşylandygyny, ynsanperwer kömek geçelgeleri boýunça oňyn netijeler gazanylandygyny beýan etdi.

Russiýanyň wekiliýeti bolsa gepleşikleriň dowam etjekdigini, ynsanperwer kömek geçelgeleriniň 8-nji martda açylmagynyň umyt edilýändigini habar berdi.

Russiýa Ukraina garşy söweşi bes etmek üçin käbir şertleri öňe sürýär.

Ukrainanyň haýsydyr bir harby ýaranlyga goşulma maksady kabul etmezlik boýunça konstitutsiýa üýtgetme girizmegini, bikanun anneksirlenen Krymyň rus territoriýasydygyny we separatistleriň dolanşyklarynyň ykrar edilmegini isleýän Russiýa, eger-de şol şertler kabul edilse, çaknyşyklaryň dessine bes ediljekdigini nygtaýar.

Ruslaryň ultimatomlaryna garşydygyny beýan edýän resmi Kiýew, Ukrainadaky çaknyşyklaryň dessine bes edilmegini, rus goşunlarynyň Krymdan we Donbass bilen bilen birlikde Ukrainanyň territoriýasyndan doly çykmagyny isleýäri.



Degişli Habarlar