Putin Goňşy we Beýleki Ýurtlara Gatnaşyklary Kadalaşdyrmak Üçin Çagyryş Etdi

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin goňşy we beýleki ýurtlara gatnaşyklary kadalaşdyrmak üçin çagyryş etdi.

1789948
Putin Goňşy we Beýleki Ýurtlara Gatnaşyklary Kadalaşdyrmak Üçin Çagyryş Etdi

Putin ýurdunyň Leningrad sebitindäki Ust Luga portunda Marşal Rokossowskiý paromuna baýdak asma dabarasyna wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşdy.

Ukraina başladylan hüjüm bilen bagly erbet niýetleriniň ýokdugyny nygtan Wladimir Putin, beýleki ýurtlara Russiýa bilen gatnaşyklaryny kadalaşdyrmaklary üçin çagyryş etdi.

“Russiýa diňe beýleki ýurtlaryň zyýanly işlerine jogap berýär, gatnaşyklary kadalaşdyrmak we hyzmatdaşlyk edilmeli” diýen Putin: “Biziň bilen hyzmatdaşlyk etmek islemeýänler bize zyýan berer. Taslamalar yza süýşürilmesin. Goşmaça ukyplary edinilmeli, emma ýene-de duran işleri çözeris, hatda mundan peýdalanyp ykdysadyýetimizi ösdüreris” diýdi.

Russiýanyň lideri beýleki ýurtlaryň öňünde ykdysady borçlaryny berjaý edendiklerini nygtady.

Rus goşunlary 24-nji fewralda Ukraina hüjüm başladypdy.



Degişli Habarlar