Bolgariýa 2 Rus Diplomadyna Ýurdy Terk Etmeleri Üçin 48 sagat Möhlet Berdi

Bolgariýa, 2 rus diplomady “Bolgariýa garşy içalylyk” edendikleri sebäpli “islenmeýän adam” hökmünde yglan etdi.

1789046
Bolgariýa 2 Rus Diplomadyna Ýurdy Terk Etmeleri Üçin 48 sagat Möhlet Berdi

Bolgariýa, Russiýanyň Sofiýadaky ilçihanasynda işleýän 2 rus diplomady “Bolgariýa garşy içalylyk” edendikleri sebäpli “islenmeýän adam” hökmünde yglan etdi.

Bolgariýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Mitko Dimitrow, metbugata beren beýannamasynda, diplomatlara ýurdy terk etmekleri üçin 48 sagatlyk möhlediň berlendigini aýtdy.

Dimitrow, Bolgariýanyň howpsyzlyk güýçleriniň Daşary işler ministri Gamçowska, iki rus diplomadynyň Bolgariýa garşy içalylyk edendigini subut edýän resminamany gowşurandygyny belledi.

Dimitrow, rus diplomatlarynyň ýurtdan çykarylmagy baradaky karary öz içine alýan notanyň Russiýanyň ilçihanasyna gowşurlandygyny nygtady.

Russiýanyň Sofiýadaky ilçihanasynyň notalara jogap hökmünde beren ýazmaça beýannamasynda, Bolgariýanyň Moskwadaky ilçihanasynda iş alyp barýan iki bolgar diplomadyň hem gysga wagtda ýurtdan çykaryljakdygy ýatladyldy.

 



Degişli Habarlar