Russiýa Şweýsariýanyň uçarlaryna howa giňişligini ýapdy

Russiýa rus uçarlaryna çäklendirme girizen Şweýsariýanyň uçarlaryna howa giňişligini ýapdy

1787631
Russiýa Şweýsariýanyň uçarlaryna howa giňişligini ýapdy

Russiýanyň Federal awiasiýa agentliginden (Rosawiasiýa) berilen beýanatda, halkara hukuk düzgünlerine laýyklykda Şweýsariýanyň rus uçarlaryna we Russiýada bellige alynan raýat uçarlarynyň uçuşlaryna howa giňişligini ýapmagyna jogap berilendigi mälim edildi. 

Beýanatda: "Şweýsariýanyň uçarlaryna we Şweýsariýada bellige alynan raýat uçarlarynyň uçuşlaryna Russiýanyň howa giňişligini ýapmak barada karar kabul edildi" diýip habar berildi. 

Russiýa düýn Ýewropa döwletleriniň rus uçarlaryna howa giňişligini ýapmagyna jogap hökmünde Germaniýa we Fransiýa ýaly döwletler bilen birlikde dünýäniň jemi 36 döwletiniň uçarlaryna howa giňişligini ýapypdy. 



Degişli Habarlar