Russiýany Basyp Alma Maksadymyz Ýok

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow Ukrainany basyp alma maksatlarynyn ýokdugyny aýtdy.

1785489
Russiýany Basyp Alma Maksadymyz Ýok

Lawrow Moskwada Lugansk Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri Wladislaw Deýnego we Donesk Halk Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Peresada bilen duşuşdy.

Ukrainanyň hökümetini goldaýan günbataryň “Kiýewiň asuda ilata garşy edýan harby jenaýatlaryny” görmediksireýändigini aýdan Lawrow; “Günbataryň we Lawrowuň çemeleşmeleri Ukrainany tragediýa sezewar etdi” diýdi.

NATO-nyň we ÝB-niň soňky hepdelerde güýç bilen DHR-ni we LHR-ny almaga synanşan mahalynda resmi Kiýewi gorandygyny gürrüň beren Lawrow; “Kiýew Ukrainanyň NATO agzalygyndan başga alternatiwiniň ýokdugyny beýan edip, ýadro ýaragyny edinjekdigini beýan etdi. Bu şertde Luganskyň we Doneskiň kömek talaplaryna biperwaý çemeleşip bilmezdik. Ýaranlyk borçlaryna laýyklykda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Ukrainanyň militarizmden we nasizmden saplanmagy, şeýlelikde bolsa ukrainalylaryň bu zulumdan halas bolup, öz gelejegini erkinlik bilen kesgitlemegi üçin operasiýa guramak hakynda karar kabul etdi” diýdi.

Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiýniň Russiýanyň gepleşik geçirmegi kabul etmändigi meselesinde ýalan sözländigini, Normandiýa gepleşiklerinde kabul edilen kararlaryň iş ýüzüne geçirilmegi üçin işleşmek islemeýändigini beýan eden Lawrow, Ukrainany basyp almagy meýilleşdirmändiklerini aýtdy.

Lawrow Ukrainadaky hökümeti demokratik kabul etmekleriniň mümkin däldigini nygtady.

 



Degişli Habarlar