Russiýa Günbatar Ýurtlarynyň Sanksiýalaryna Gaýtawul Görkezer

Russiýanyň Prezidentiniň metbugat Sekretary Dmitriý Peskow günbatar ýurtlarynyň sanksiýalaryna gaýtawul görkeziljekdigini beýan etdi.

1785477
Russiýa Günbatar Ýurtlarynyň Sanksiýalaryna Gaýtawul Görkezer

Peskow Russiýanyň Ukraina harby operasiýasy we günbataryň beýan eden goşmaça sanksiýalary hakynda beýanat berdi.

Günbataryň sanksiýalaryna Russiýanyň bähbitlerine laýyklykda gaýtawul görkeziljekdigini aýdan Peskow; “Elbetde degişli gaýtawul görkeziler. Goýulan çäklendirmeler analiz edilmeli. Bu analizde esasy maksat öz bähibitlerimiz bolar. Diňe öz bähbitlerimize görä hereket ederis” diýdi.

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiýniň Russiýa bilen gepleşik geçirmäge taýýardygy hakyndaky beýanaty barada durup geçen Peskow; “Bu täze beýanat. Oňyn hereket we indi muny analiz etmeli” diýdi.

Peskow Zelenskiý bilen Russiýanyň Prezidenti Putiniň arasynda duşuşyk ähtimallygy hakyndaky soraga bolsa jogap bermedi.

Putiniň Zelenskiýni Ukrainanyň Prezidenti hökmünde ykrar edip, etmeýändigi hakynda bolsa; “Hawa, elbetde, Zelenskiý Ukrainanyň Prezidenti” diýdi.



Degişli Habarlar