Gruziýanyň Ozalky Lideri Saakaşwili Ýaňadandan Açlyk Yglan Etdi

Saakaşwili, geçen ýyl 50 gün açlyk yglan edenden soň Gori şäherinde bejergi alypdy

1782438
Gruziýanyň Ozalky Lideri Saakaşwili Ýaňadandan Açlyk Yglan Etdi

Gruziýada 1-nji oktýabrda saklanan ýurduň ozalky prezidentlerinden Mihail Saakaşwili ýaňadandan açlyk yglan edendigini habar berdi.

Rustawi şäherinde tussaglykda saklanýan Saakaşwili 12-nji tussaghanada adam hukuklarynyň basgylanýandygyny aýtdy.

Saakaşwili “Şu günden başlap açlyk yglan edýärin” diýdi.

Saakaşwili, Gruziýada geçen ýyl saklanandan soň 50 gün açlyk yglan edenden soň Gori şäherinde bejergi alypdy

8 ýyl soň ýurduna dolanan Saakaşwili 2021-nji ýylyň 1-nji oktaýbrynda saklanypdy we Rustawi şäherindäki tussaghana alnyp gidilipdi.

 

 

 

 



Degişli Habarlar