Russiýanyň we ABŞ-nyň Goranmak Ministri Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Iki kärdeş telefon söhbetdeşliginde halkara howpsyzlyk meselesi hakynda pikir alyşdy.

1781301
Russiýanyň we ABŞ-nyň Goranmak Ministri Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu bilen ABŞ-nyň Goranmak ministri Lloýd Ostin telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Russiýanyň Goranmak ministrliginden berlen beýannama görä, iki kärdeş telefon söhbetdeşliginde halkara howpsyzlyk meselesi hakynda pikir alyşdy.

Russiýa dekabr aýynda ABŞ bilen NATO howpsyzlyk kepillikleri teklibini öz içine alýan 2 taslama hödürläpdi.

ABŞ bilen NATO mesele hakynda ýanwar aýynyň ahyrynda şol teklibe ýazmaça jogap beripdi.

Russiýa hem 11 sahypalyk jogap hatyny düýn Waşingtona gowşurypdy.

 



Degişli Habarlar