Çehiýa ukrainaly bosgunlary kabul etmäge taýar

Çehiýanyň Premýer ministri Petr Fiala ýurdunyň Russiýa-Ukraina arasyndaky dartgynlyk artan halatynda ukrainaly bosgunlary kabul etmäge taýardygyny habar berdi

1779010
Çehiýa ukrainaly bosgunlary kabul etmäge taýar

Çehiýanyň Premýer ministri Petr Fiala metbugat işgärlerine beren beýanatynda, ýurdunyň Ukraina maddy taýdan kömekleri artdyrmagy meýilleşdirmeýändigini, emma Russiýa bilen dartgnlyk artan halatynda ukrainalylary kabul etmäge taýardygyny mälim etdi. 

Serhetdeş bolan Slowakiýa hem kömek etmäge taýardyklaryny aýdan Fiala, zerurlyk gerek bolan halatynda bolsa Slowakiýa-Ukraina serhedinde iş alyp barmaklary üçin Polisiýa işgärlerini ugradyp biljekdiklerini aýan etdi. 

Çehiýanyň Kiýew şäherindäki ilçihanasynyň ýapylmandygyny, emma olaryň maşgalalarynyň ýurdy terk edendigini aýdan Fiala, Ukrainada takmynan 50 çeh diplomadyň iş alyp barýandygyny beýan etdi. 



Degişli Habarlar