Mýanmanyň Howpsyzlyk Güýçleri 114 Çagany Öldürdi

"2021-nji ýylyň 1-nji fewralyndaky harby agdarlyşykdan bäri 3-17 ýaş aralygyndaky 114 çaga howpsyzlyk güýçleri tarapyndan öldürildi”

1774987
Mýanmanyň Howpsyzlyk Güýçleri 114 Çagany Öldürdi

Mýanmanyň howpsyzlyk güýçleriniň geçen ýylyň fewral aýyndaky agdarlyşykdan bäri 114 çagany öldürendigi habar berildi.

BMG-nyň metbugat geňeşçisi Ferhan Hag 2021-nji ýylyň 1-nji fewralyndaky harby agdarlyşykdan bäri azyndan 18-i ýanwar aýynda bolmak bilen 3-17 ýaş aralygyndaky 114 çaga howpsyzlyk güýçleri tarapyndan öldürildi” diýdi.

Ýaralanan çagalaryň sanynyň has köpdügini nygtan Hag, ýurduň howpsyzlyk güýçleriniň, çagalaryň hak-hukuklarynyň goralmagy baradaky jogapkärçiliklerini ýerine ýetirmelidigini ýatlatdy.

Mýanmanyň harby goşuny, 20220-njy ýylda geçirlen saýlawda galplyk edilendigi hakyndaky garaýyşlardan we ýurtda başdan geçirlen syýasy dartgynlykdan soň 2021-nji ýylyň 1-nji fewralynda häkimiýeti ele geçiripdi.

Mýanmanyň harby goşunynyň agdarlyşyga garşy geçirlen protest ýörişlerinde aşa güýç ulanandygy sebäpli häzire çenli 902 adam ýogaldy, 10 müňe golaý adam bolsa saklandy.



Degişli Habarlar