Ýelizaweta: "Çarlz Şa bolan mahaly Kamilla Şa zenany bolar" diýdi

Beýik Britaniýanyň Şa zenany II Ýelizaweta mirasdar Şazada Çarlziň Şa bolan mahaly, aýaly Kornuol Gersoginasy Kamillanyň Şa zenany boljakdygyny habar berdi

1774021
Ýelizaweta: "Çarlz Şa bolan mahaly Kamilla Şa zenany bolar" diýdi

Beýik Britaniýanyň Şa zenany II Ýelizaweta, tagta geçmeginiň 70 ýyllygy mynasybetli çap eden ýüzlenmesinde, mirasdar Şazada Çarlziň tagta geçen mahaly aýaly Kamillanyň hem Şa zenany adyna eýe bolmagyny tüýs ýüreginden dileýändigini beýan etdi. 

Mirasdar Şazada Çarlz Şa bolan mahaly, halkyň özüne beren goldawyny Çarlze we aýaly Kamilla berjekdigini bilýändigini aýdan Beýik Britaniýanyň Şa zenany II Ýelizaweta, 70 ýylyň dowamynda özüne berilen goldaw üçin hem halka minnetdarlyk bildirdi. 



Degişli Habarlar