Lukaşenko: Ýurtdaky ýagdaý durnuklaşsa wezipämden çekilip bilerin

Belarussiýanyň Döwlet baştutany Aleksandr Lukaşenko, ýurtdaky ýagdaý durnuklaşan halatynda wezipesinden çekilip biljekdigini habar berdi

1774195
Lukaşenko: Ýurtdaky ýagdaý durnuklaşsa wezipämden çekilip bilerin

YouTube kanalynda göni ýaýlym arkaly görkezilen gepleşikde Wladimir Solowýowyň soraglaryna jogap beren Belarussiýanyň Döwlet baştutany Aleksandr Lukaşenko: "Ýene-de näçe wagtlap ýurdy dolandyrmagy meýilleşdirýärsiňiz?" soragyna beren jogabynda, söweş ýüze çykan halatynda ýa-da 2020-nji ýyldaky ýaly wakalar başlan halatynda wezipesini dowam etdirjekdigini beýan etdi. 

Lukaşenko: "Ynanyň maňa, men Prezident bolmagy isleýän bir Prezident däldirin. Taňry gorasyn, özüňizi ençeme şerte garaşly bir ýagdaýa düşýärsiňiz. Ýagdaý kadalaşsa we ähli zat durnuklaşsa ýurdy dolandyrjak täze bir adam orta çykar" diýip mälim etdi. 



Degişli Habarlar