Nýu-Ýorkda Agyr Gyş Şertleri Sebäpli 4 Adam Heläk Boldy

Amerikanyň Nýu-Ýork ştatynda 1 sanysy zenan 4 adam sowuk we gar sebäpli heläk bolady.

1770967
Nýu-Ýorkda Agyr Gyş Şertleri Sebäpli 4 Adam Heläk Boldy

ABŞ-nyň gündogar ýakasynda merkezi we demirgazyk gündogar ştatlarynda 100 müňden gowrak adamyň toksuz galmagyna sebäp bolan gardan soň güýçli aýaz dowam edýär.

Gündogar kenaryndaky Wiržiniýa ştatyndan demirgazyk gündogardaky Maýn ştatyna çenli güýçli ýagan gardan soň aýazly şemal emele geldi.

Güýçli aýazyň hepdäniň ortasyna çenli dowam etmegine garaşylýar.

Nýu-Ýork ştatynda 1 sanysy zenan 4 adamyň sowuk we gar sebäpli bolan heläkçiliklerde aradan çykandygy habar berildi.

FlaýtAwaýr saýtynyň habar bermegine görä 1500-den gowrak uçar sapary bes edilen bolsa, şol san düýn ABŞ-da 197-ä çenli azaldy. Elektrik togunyň hem esasan berilmäge başlanandygy habar berildi.

Bilermenler okeanyň ýylylygynyň tupanyň güýjüni artdyrmagyna sebäp bolýandygy beýan edýärler.



Degişli Habarlar