Çehiýa Ukraina 4 müňden gowrak topuň okuny ugradar

Çehiýa raýdaşlygyň çäginde Ukraina 6 müň 6 sany topuň okuny ugradar

1769243
Çehiýa Ukraina 4 müňden gowrak topuň okuny ugradar

Çehiýanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, ýurdyň Ukraina sowgat hökmünde 4 müň 6 sany 152 kalibrlik topuň okuny ugratjakdygy habar berildi. 

Goranmak ministri Ýana Çernohowa Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň metbugat işgärlerine beren beýanatynda: "Ukraina bilen hyzmatdaşlygymyzy uzak möhletleýin we demokratiýa ýolunda goldawymyzy dowam etdirýäris. Syýasy we diplomatik ýollara goşmaça ýagdaýda, şeýle hem bu ok-därileriň berilmegi ýaly anyk goldawlar bilen kömek berýäris. Muny möhüm raýdaşlyk alamaty diýip pikir edýäris" diýip mälim etdi. 

Çehiýanyň hökümediniň metbugat geňeşçisi Ýakub Faýnor bolsa resmi Kiýewiň kömek sorandygyny belläp: "Sowgadyň Russiýanyň Ukraina serhedi boýunça uly harby güýç üýşürmeginden soň Ukrainanyň goranyşyny güýçlendirmegine kömek bermek maksady bilen amala aşyryldy" diýip habar berdi. 


Etiketkalar: #goldaw , #Ukraina , #Çehiýa

Degişli Habarlar