“Belarus, Russiýanyň Ýanynda Söweşer”

Lukaşenko, Russiýa hüjüm edilen halatynda, ýurdunyň Russiýanyň ýanynda söweşjekdigini aýtdy.

1769859
“Belarus, Russiýanyň Ýanynda Söweşer”

Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Russiýa hüjüm edilen halatynda, ýurdunyň Russiýanyň ýanynda söweşjekdigini aýtdy.

Lukaşenko, Belarusyň Parlamentinde eden çykyşynda, sebitde Russiýa bilen ABŞ-nyň we NATO-nyň arasynda möwjän harby dartgynlyk hakynda durup geçdi.

Belarusyň günortasynda, Ukraina serhedinde dartgynlygyň artandygyny nygtan Lukaşenko, “Ukraina bilkastlaýyn ýagdaýda dartgynlygy möwjedýär. Belaruslar bilen birlikde doganlyk halkara garşy duşmançylykly syýasat alyp barýar” diýdi.

Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko “Birinjiden Belarusa hüjüm edilen halatynda degişli jogaby bereris. Ikinjiden Russiýa gönüden hüjüm edilen halatynda hem Belarus Russiýanyň ýanynda söweşe girer” diýdi.

Lukaşenko ýurduna hüjüm edilen halatynda hem ýüzmüňlerçe rus esgeriniň Belarusa geljekdigini belledi.

 



Degişli Habarlar